2023-nji ýylda Ýewropanyň ýük ulaglarynyň gatnawlarynyň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, hakyky bahalarda 0,4 %, nominal bahalarda 4,1 % kemelip, 448,65 milliard ýewro ýetdi.
Ýewropanyň ulag bazarynyň iň uly bölegi içerki ulaglardan ybaratdyr. Mahlasy, olaryň gymmaty 310,1 milliard ýewro ýetdi. Bu bolsa hakykat ýüzünde 0,3%, nominal taýdan 4% pesdir.
Serhediň üstünden geçýän gatnawy has-da azalyp, hakykat ýüzünde 0,6%, nominal taýdan 4,4% aşaklady we 138,5 milliard ýewro düşdi.
«Transport Intelligence» tarapyndan hödürlenen çaklamada 2024-nji ýylda Ýewropanyň ýol ulag bazarynyň hakykat ýüzünde 1,7% ösjekdigi beýan edilýär. Ýewropa ýurtlarynda içerki gatnawyň 1,1% ýokarlanyp, 313,5 milliard ýewro ýetmegine garaşylýar. Halkara ulag gatnawlary has-da dinamiki derejede öser. Bu ugurda 2,9% -den 142,6 milliard ýewro çenli ösüşiň bellige alynmagyna garaşylýar.
«Transport Intelligence» 2023-nji we 2027-nji ýyllar aralygynda Ýewropanyň ulag bazarynyň ösüşiniň 1,7 % bolmagyna, bäş ýyllyk möhletiň ahyryna çenli bolsa bu bazaryň nyrhynynyň 490,85 milliard ýewro ýetmegine garaşýar.
Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi