«WindWing» atly innowasion ýelken gämileriň her gün 12 tonna ýangyjy tygşytlamagyna kömek eder
19 Mart
«WindWing» atly innowasion ýelken gämileriň her gün 12 tonna ýangyjy tygşytlamagyna kömek eder

Geçen ýylyň awgustynda «WindWing» innowasion ýelkenleri bilen enjamlaşdyrylan ägirt uly, beýikligi 10 gata ýetýän ýük gämisi — «Pyxis Ocean» Hytaýdan Braziliýa tarap ýola düşdi. Alty hepdelik ilkinji syýahatdan soň ýene birnäçe deňiz gatnawy amala aşyryldy we gämi ugurlarynyny seljeren «Cargill» kompaniýasy ýakynda bu syýahatyň netijelerini paýlaşdy. Şeýlelikde, «WindWing» gämisiniň ýelkenleri bar bolan gämilerden zyňyndylary azaltmagyň geljegi uly usuly hökmünde görünýär.

Gämini şemalyň kömegi bilen herekete getirýän 37.5 metrlik «WindWing» ýelkenleriniň ulanylmagy netijesinde «Cargill» esasy ýük göterijisinde 14 göterim ýangyjy tygşytlamagy başarandygyny mälim etdi. «Pyxis Ocean» diýlip atlandyrylýan gämi ygtyýarlandyrylan «BAR Technologies» kompaniýalarynyň ikisiniň «WindWing» ýelkenleri bilen enjamlaşdyryldy. Alty aýlap global söwda ugurlarynda geçirilen synaglaryň dowamynda bu ýelkenler her gün ortaça üç tonna ýangyç tygşytlamak üçin ýeterlik bolan energiýany öndürdiler.

«Cargill» kompaniýasy syýahatyň dowamynda Hindi, Ýuwaş hem-de Atlantik ummanlarynyň käbir amatly howa şertlerinde ýangyç sarp edilişiniň günde 12 tonnadan gowrak azalandygyny habar berdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem