«Aurus Merlon» motosiklleri synagdan geçýär
21 Mart
«Aurus Merlon» motosiklleri synagdan geçýär

Russiýanyň «Aurus» limuzininiň baş dizaýneri Ýuriý Çernenkonyň aýdyşy ýaly, ýakyn wagtda Russiýa Federasiýasynda brendiň özboluşly aýratynlyklaryna eýe boljak «Aurus» elektrik motosiklleri peýda bolup biler.

«Biz motosikller bilen hem işleýäris — olarda «Aurus» brendiniň özboluşly aýratynlyklary bolup, häzirki wagtda işjeň synagdan geçýär. Motosikller elektrik çekiş ulgamy bilen işleýär. Munuň özi düýbünden täze sözdügine garamazdan, «elektrik» motosikl tehnologiýasynda geljegi uly hasaplanýan nusgadyr. Ýeri gelende bellesek, elektrik awtoulagynyň gyşda aýlaryndaky esasy meselesi ýyladyş bilen bagly bolup, ýylatmak üçin köp mukdarda energiýa sarp edilýär. Mundan başga-da, motosikl biraz ýeňil, oňa uly hem kuwwatly batareýa zerur däl. Motosikl tehnikasy «Aurus Merlon» diýlip atlandyrylýar. Onuň erkin satuw üçin niýetlenen nusgasynyň hem öndürilmegi meýilleşdirilýär. Motosikller ýörite çärelerde ulanylar we prezidentiň limuzininiň töwereginde hereket eder».

Ulagyň çykaryljak anyk senesi heniz mälim edilmedi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem