«QuietKat» aw üçin niýetlenen «Ranger AWD» elektron welosipediniň ähli tigirleri hereket edýän nusgasyny hödürledi
«Ranger AWD» elektron welosipedi boş ýolda, çygly, garly ýa-da palçyk köçelerde ulanmak üçin amatlydyr. Onuň öňki tigiri elektrik hereketlendirijisi bilen işleýär. Welosipediň zynjyrly hereketlendirijisine birikdirilen yzky tigirinde hemişelik tigirli hereketlendiriji bilen üpjün edýän aýratyn ulgam bar.
Dwigateller 17,25 Amper/sag we 48 W naprýaženisi bilen tapawutlanýan «Panasonic» batareýasyna birikdirilen 750 Wt kuwwatyna eýelik edýän jübüt blokdan ybaratdyr. Ýüküniň görnüşine baglylykda, hereket ätiýaçlygy 85 kilometrlik menzile ýetýär. Ýeke tizlikli zynjyrly hereketlendiriji durnukly geçiriş ulgamyna çalymdaş bolan yzky tigiriň pedallarynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýar. Munuň özi meýdan şertlerinde ýykylmak ähtimallygyny azaltmak üçin komponentleriň az bölegi bilen işlenip düzüldi.
Welosiped islendik päsgelçilikleri ýeňip geçip bilýän galyň «Kenda» tekerleri bilen enjamlaşdyrylandyr, «RST» asmasy bolsa sarsgynlary, urgulary we bökmegi ýumşatmaga kömek edýär. Gidrawlik saklaýjylar welosipedi ygtybarly we çalt saklamagy kepillendirýär. Tigiriň arka tarapynda sumka ýa-da tokaýdan toplanan önümleri ýerleşdirmek üçin amatly ýük platformasy göz öňünde tutulypdyr.