«Russiýanyň demir ýollary» ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda serhet geçelgeleriniň 8-sini ösdürer
21 Mart
«Russiýanyň demir ýollary» ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda serhet geçelgeleriniň 8-sini ösdürer

«Russiýanyň demir ýollary» serhet geçelgeleriniň 8-sini ileri tutulýan ugur hökmünde ösdürmegi dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda «Mahalino», «Zabaýkalsk», «Grodekowo», «Nauşki», «Derbent», «Aksaraý» hem-de «Kartallar» atly geçelgeleriň bardygyny «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow «TransRussia 2024» fotumynda eden çykyşynda belledi.

– 2023-nji ýylda «Nižneleniskoýe-Tunszýan» köprüsi açyldy we eýýäm 3 mln tonna barabar ýük daşaldy. Ilkibaşda diňe konteýner ýüklerini daşamak meýilleşdirilipdi. Häzirki wagtda onuň mümkinçilikleri has-da giňeldildi. Biz konteýnerleşdirmegiň geljegimizdigine we munuň ýokary derejeli ýükleri daşamak bolup durýandygyna gowy düşünýäris — diýip, Sergeý Pawlow sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň demir ýollary 2023-nji ýylda serhet geçelgelerini ösdürmek işine 4,5 mlrd rubl maýa goýan bolsa, 2024-nji ýylda ýene 7 mlrd gönükdirer.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Hytaýyň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda demir ýol boýunça eltip bermek hyzmatyna isleg 30% ýokarlandy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem