«Mitsubishi» ýolsuz ýerde hereket edýän «Pajero Sport» awtoulagynyň gaýtadan kämilleşdirilen nusgasyny görkezdi
23 Mart
«Mitsubishi» ýolsuz ýerde hereket edýän «Pajero Sport» awtoulagynyň gaýtadan kämilleşdirilen nusgasyny görkezdi

«Mitsubishi» ýolsuz ýerde hereket edip bilýän «Pajero Sport» kysymly ulagynyň gaýtadan işlenen nusgasyny hödürledi. Ol biraz kämilleşdirilen «daşky görnüşe hem-de «Mitsubishi L200» kysymly awtoulagyň soňky nesliniň täze hereketlendirijisine we 6 tizlikli awtomatiki geçirijisine eýe boldy.

Onuň daşky bölegindäki täzelikleriň üstüni radiator gözenekleriniň dizaýny, tigir tekerleriniň bezegi hem-de hrom mukdarynyň azalmagy ýetirýär. Salonynda bolsa üç sütünli rul, biraz üýtgedilen gural paneli we kabel geçirijisiz interfeýslerini goldaýan «Android Auto» we «Apple CarPlay» media ulgamlary bar.

Yzky orunlarda ýerleşen ýolagçylar üçin USB we HDMI birikdirijileri bilen işleýän monitorlar peýda bolýar.

Täze dizel hereketlendirijisiniň kuwwaty 184 at güýjüne barabardyr. Üýtgeşmeleriň ýene biri gaýtadan işlenen awtoulagyň ýerden beýikliginiň ýokarlanmagydyr. Bu görkeziji ozal 217 mm bolan bolsa, indi 222 mm ölçege barabardyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem