Russiýada “Demirgazyk-Günorta” paýdarlar jemgyýeti döredildi
26 Mart
Russiýada “Demirgazyk-Günorta” paýdarlar jemgyýeti döredildi

Russiýada “Demirgazyk-Günorta” paýdarlar jemgyýeti döredildi diýip, “Türkmenawtoulaglary” agentligi RF-iň hukuk habarlary resmi portalyna salgylanyp habar berýär.

Jemgyýetiň esaslyk maýasynyň hasabyna “Махачкалинский морской торговый порт», paýdarlar jemgyýetiniň ähli paýnamalary geçirildi. Olaryň bazar bahasy 1,25 milliard rubl möçberinde kesgitlenilýär.

Bu gurama “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň infrastrukturasynyň ösdürilmegine jogapkär bolar.

RF-iň hökümetiniň maýadary dört aýyň dowamynda saýlar. Ol jemgyýetiň 51 göterim paýnamalaryny alar we soňky bäş ýylyň dowamynda hem galan bölegini satyn alyp biler. Paýnamalaryň eýesi bilen gol çekiljek şertnama onuň borçlary we ýerine ýetirmeli çäreleri giriziler. Şeýle hem bu borçnamalary ýerine ýetirmedik halatynda jogapkärçilik kesgitleniler.

“Demirgazyk-Günorta” multimodal halkara ulag geçelgesi Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň demirgazyk-günbatar bölegini we Skandinawiýa ýurtlaryny Merkezi Aziýanyň, Pars aýlagynyň we hindi ummanynyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýar. Ulag geçelgesi demirýol, awtomobil we içerki suw ulaglarynyň infrastrukturasyny, Hazar deňzindäki portlary, Pars aýlagynyň portlaryny, awtomobil we demirýol geçiş nokatlaryny, şeýle hem halkara howa menzillerini özünde jemleýär.

Çeşme : orient.tm

Şeýle hem