Awstraliýada «Ferrari» topary goşa üstünlik gazandy
26 Mart
Awstraliýada «Ferrari» topary goşa üstünlik gazandy

«Formula 1» boýunça möwsümiň 3-nji «Gran Prisi» Awstraliýada geçirilip, Melburn şäherindäki bäsleşikde «Ferrari» toparynyň sürüjileri goşa ýeňşini baýram etdi.

Albert Parkyň adyny göterýän trassasynda geçirilen 58 aýlawlyk ýaryşa Maks Werstappen ilkinji hatardan bat aldy. Ýöne ol 3-nji aýlawdan soň ulagynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli ýaryşdan çykmaly boldy. «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi 2 ýyldan soň ilkinji gezek bir bäsleşigi tamamlap bilmedi. Ol «F1-de» 9 ýaryşdan bäri yzygiderli ýeňiş gazanyp gelýärdi.

Ýaryşda «Ferrari» toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior 1-nji orny eýeledi. Ol 58 aýlawy 1 sagat 20 minut 26,843 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň karýerasyndaky 3-nji ýeňşidir. 2-nji orna onuň topardaşy Şarl Lekler mynasyp bolup, ol ýeňijiden 2,366 sekunt yza galdy. Bäsleşikde 3-4-nji ýerleri «McLaren-Mercedes» toparynyň sürüjileri – degişlilikde britaniýaly Lando Norris bilen awstraliýaly Oskar Piastri paýlaşdy.

Maks Werstappenden başga-da, «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Lýuis Hemilton hem ýaryşy tamamlap bilmedi. Ol 15-nji aýlawda ýaryşdan çykdy.

Geçirilen 3-nji ýaryşdan soň Ferstappen 51 utuk bilen sanawyň başyny çekýär. 2-nji ýerdäki Lekleriň 47, 3-nji orundaky Serio Peresiň 46 utugy bar. Möwsümiň 4-nji bäsleşigi 7-nji aprelde Ýaponiýada geçiriler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem