Türkmenistanyň «Turkmenistan Airlines» milli awiagatnawy howa gatnawlarynyň bazaryndaky ornuny giňeltmegi dowam etdirýär we müşderilere syýahat etmek üçin amatly ýollary hödürleýär. Bu strategiýany kämilleşdirmegiň tapgyrlarynyň ahyrkysy kompaniýanyň resmi web saýtynyň türk dilindäki nusgasynyň işe girizilmegi bilen baglydyr.
Bu ädim «Turkmenistan Airlines» bilen dünýäni öwrenmek isleýän türk ýolagçylaryna iň ýokary rahatlygy we amatlylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Täze web mümkinçiligi müşderilere kompaniýanyň halkara uçuşlaryna petek satyn almak, olar üçin syýahat mümkinçiliklerini has-da giňeltmek şertlerini döredýär.
Saýt Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogara we dünýäniň beýleki sebitlerine meşhur ugurlary öz içine alýan köp sanly ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Ýolagçylar uçuş üçin iň amatly wagty aňsatlyk bilen saýlap bilerler we göni onlaýn-platforma arkaly petekleri bellemek (bron edip) mümkinçiligine eýe bolarlar.