21-nji martda Hebeý welaýatynyň Şiszýaçžuan şäherinden Belgrada tarap konteýner otlusy ýola düşdi. Munuň Hytaýyň demirgazygyndaky Pekin — Týanszin — Hebeý sebitini Serbiýa bilen birleşdirjek ilkinji Hytaý-Ýewropa ýük otlusydygyny «Xinhua» habarlar agentligi köpçülige ýetirdi.
«Hebei International Land Port Co., Ltd» tarapyndan berlen habarda otlynyň Alaşankou barlag-gözegçilik nokadyndan geçjekdigi, 10200 kilometrlik menzili külterlemek bilen, ugranyndan takmynan 20 gün soň Serbiýa baryp ýetjekdigi aýdylýar.
Otly umumy bahasy 20 million ýuan (2,82 mln dollar) bolan 110 TEU-lyk ýüki, şol sanda awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de mehaniki enjamlary Belgrada ýetirer.
Täze ugruň Pekin — Týanszin — Hebeý sebiti bilen Serbiýanyň, şeýle hem Merkezi we Gündogar Ýewropadaky «Bir guşak we bir ýol» başlangyjyna gatnaşýan beýleki ýurtlaryň arasynda söwda hem ykdysady alyş-çalyşlar üçin täze çeşmäni döretmegine garaşylýar.
Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi