«Mercedes-Benz CLE 2024» tanyşdyryldy
30 Mart
«Mercedes-Benz CLE 2024» tanyşdyryldy

Täze «Mersedes-Benz CLE» awtoulag muşdaklaryna hödürlendi. Onuň üç nusgasy görkezilip, bahalar «CLE 260» görnüşinden has kaşaň «CLE 300 4MATIC» modeline çenli 63 000 dollardan başlanar. Täze nusga Hytaýda eýýäm elýeterlidir.

Iki gapyly nusga «Mersedes-Benz C-Class Coupe» we «E-Class Coupe» modelleriniň mirasdüşeri hökmünde kabul edilýär. Ulagyň gabarasynyň ölçegleri — 4850 × 1860 × 1430 mm, tigir binýady — 2865 mm. Tigirleriň diametri 18-den 20 dýuýma çenli bolar.

«Mersedes-Benz CLE 2024» öňki böleginiň täze dizaýny, fastbek görnüşi we goşa bölekli yzky diod çyralary bilen tapawutlanýar. Salonynda bolsa 12,3 dýuým gural paneli, 11,9 dýuým suwuklyk-kristally merkezi konsol, «SoC Qualcomm 8295», «MBUX» interaktiw ulgamy, sport oturgyçlary, «Berlin Sound» ses ulgamy bar.

Kuwwatlylygy babatda aýdylanda bolsa awtoulag iň ýokary derejesi 190 kWt we iň kämil aýlanmak mümkinçiligi 400 N·m bolan 2L turbo görnüşli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulag 9 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen utgaşdyrylýar we öwrülmek mümkinçiligini dört tigirde amala aşyrmak aýratynlygyny özünde jemleýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem