Azerbaýjanda «Lada» awtoulaglarynyň önümçiligi başlandy
01 Aprel
Azerbaýjanda «Lada» awtoulaglarynyň önümçiligi başlandy

«АвтоВАЗ» kompaniýasy Azerbaýjanda «Lada» awtoulaglaryny öndürip başlady. «TASS»-yň habarlaryna görä, bu barada kompaniýanyň başlygy Maksim Sokolow belläp geçýär.

«Şu ýyl «Lada» awtoulag önümçiliginiň netijesi ýarym müňe çenli ýetip biler. Önümçilige ulagyň «Granta» görnüşi bilen başlaýarys we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «Nova», «Vesta», «Legend» we Travel» ýaly görnüşleriniň ýerli önümçiliginiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýäris. Ulagyň synag üçin nusgalary eýýäm taýýarlandy we ýokary hilli barlagdan geçirilýär» diýip, M. Sokolow aýtdy.

Ol «Lada» awtoulaglarynyň Azerbaýjanda söýülýändigini we hormatlanýandygyny belläp geçdi. M. Sokolowyň sözlerine görä, bu ulaglar birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýaşaýjylaryň arasynda uly islege eýe bolar. Şonuň üçin, kompaniýa ýurtdaky müşderilere «has ýakynlaşmak» kararyna geldi. Taslamanyň çäginde «АвтоВАЗ» kompaniýasy Tolýatti şäherinde ýörite gözegçilik astynda taýýarlanylan hünärmenleri işe aldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem