2023-nji ýylda Eýranda awtoulag önümçiligi 1 188 million birlige ýetip, Awtoulag serişdelerini öndürijileriň halkara guramasy (OICA) tarapyndan taýýarlanan ulag senagaty boýunça dünýä reýtinginiň 16-njy basgançagynda ýerleşdi. Bu barada «Trend» habar berdi.
«OICA» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, Eýranda awtomobil önümçiligi öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12% artdy.
Awtoulag senagaty Eýranda jemi içerki önümiň takmynan 10 %-ini eýeleýän hem işçi güýjüniň 4 %-ini tutýan nebit we gaz ulgamlaryndan soňky — üçünji möhüm pudakdyr.
Awtoulag önümçiligi boýunça dünýä reýtinginde 30 160 million ulag öndüren Hytaý birinji ýerde, 10 611 million ulag çykaran Amerikanyň Birleşen Ştatlary ikinji orunda durýar. Ýaponiýa üçünji orunda barýar. Şondan soňky orunlarda Hindistan, Günorta Koreýa, Germaniýa, Meksika, Ispaniýa, Braziliýa, Tailand, Kanada, Fransiýa, Türkiýe, Çehiýa Respublikasy hem-de Indoneziýa bar. Görkezilen ýurtlardan soňky orny Eýran eýeleýär.
Eýrandan soňky orunda Slowakiýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Malaýziýa hem-de Russiýa Federasiýasy barýar.