ABŞ-da 12 müň sany «Jeep Cherokee 2022» öwrüm yşyklaryndaky kemçilik sebäpli yzyna ýygnalyp alynýar. Bu barada Rambler,ru habar berdi.
Näsazlyk öwrüm yşygynyň ýanmazlygyna ýa-da kadaly işlemezligine sebäp bolup biler, bu bolsa ýol howpuny döredýär.
«Jeep» üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 6-njy iýuny aralygynda öndürilen «Cherokee»-leriň takmynan 10 göterimine täsir edýän meseläni kesgitledi. Kompaniýa ýüze çykyp biljek mesele barada 2022-nji ýylyň iýulynda habar berdi, ýöne meseläniň çeşmesini we gerimini kesgitlemek üçin wagt sarp etdi.
«Jeep» ähli ýol ulanyjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulaglary meýletin yzyna ýygnaýar.
Maý aýynyň ortalaryndan başlap, zyýan çeken «Cherokee» eýelerine iň ýakyn dilerlerine ýüz tutmak barada habar berler. Öwrüm yşygy mugt, ähli aýratynlyklara we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýän täzesi bilen çalşyrylar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»