Şu ýylyň mart aýynda Russiýa Federasiýasynda 11 443 sany täze awtoulag satyldy. Bu barada «AWTOSTAT operatiw. Russiýanyň awtoulag bazaryndaky häzirki maglumatlar. 2024-nji ýylyň mart aýynyň netijeleri» atly onlaýn-görkezilişiniň barşynda «AWTOSTAT» agentliginiň bilermenleri habar berdiler. Bu habarlaryň «PPK JSC *» tarapyndan hödürlenýän maglumatlara esaslanýandygyny, ýöne agentligiň öz maksatlaýyn ugruny ulanýandygyny ýatladýarys.
2024-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende, ýük awtoulag bazarynyň möçberi 12% ýokarlanan bolsa, bir ýyl ozalky (2023-nji ýylyň mart aýy) görkeziji bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 1,3% artdy.
Eýýäm üçünji aý bäri bu bazarda öňdebaryjylyk Hytaýyň «SITRAK» markasyna degişli bolmagynda galýar. Onuň mart aýynda satylan 2 183 nusgasy umumy möçberiň 19 %-ini emele getirýär. Ikinji ýerde ýerli önüm — «KAMAZ» (1 897 birlik) barýar. Şeýle hem täze ýük awtoulaglarynyň bazaryndaky iň meşhur markalaryň öňdebaryjy bäşliginde Hytaýyň «Shacman» (1513 birlik), FAW (1317 birlik) we içerki GAZ (696 birlik) brendleri bar.
Muňa garamazdan , modelleriň arasynda «SITRAK C7H» nusgasynyň öňdebaryjy bolmagynda galýandygyny, ýazyň başynda satylan ýük awtoulaglarynyň umumy sanynyň 19 %-ini emele getirýändigini bellemek gerek.
Birinji çärýeginde Russiýa Federasiýasynda täze ýük awtoulaglarynyň satylan sany 29 182 birlik boldy. Munuň özi 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende, 9,1% artykdyr.