
Meşhur işewür we milliarder Ilon Mask geljekde ähli ulaglaryň sap elektrik bilen işlejekdigini çaklaýar. Bu diňe bir awtoulaglara däl, uçarlara, gämilere we otlulara hem degişlidir ― diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Mask X platformasyna beren interwýusynda «Diňe wagt gerek» diýdi. Ýeke-täk kadadan çykma raketalar bolup, işewür olary doly elektrikli tertipde işlär ýaly öndürmek kyn ýa-da mümkin däl diýip hasaplaýar.
Şeýle hem Mask hytaý kompaniýalarynyň dünýäde elektrik awtoulaglaryny we awtoulaglary öndürmekde dünýäde esasy bäsdeşdigini belläp geçdi.
2003-nji ýylda Mask tarapyndan esaslandyrylan «Tesla Motors» elektrik ulaglaryny we degişli tehnologiýalary ösdürýär we öndürýär. Elektrik ulaglaryndan başga-da, «Toyota» we «Daimler» ýaly beýleki awtoulag kompaniýalaryna satýan batareýalary we elektrik hereketlendirijileri öndürilýär.
2021-nji ýylda «Tesla Motors» ştab-kwartirasyny Palo Alto-dan Tehas ştatynyň Ostin şäherine göçürdi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»