«Toyota 4Runner»: meşhur ulagyň täze nesliniň hereketlendirijisi «V6» bolmaz
15 Aprel
«Toyota 4Runner»: meşhur ulagyň täze nesliniň hereketlendirijisi «V6» bolmaz

Şu ýyl ýolsuz ýerde hereket edýän «Toyota 4Runner SUV» nusgasynyň N280 kody bilen tapawutlanýan bäşinji nesli on bäş ýyllygyny belledi. Şeýle ýaşyna garamazdan, bu ulaga henizem uly isleg bildirilýär. ABŞ-nyň esasy bazarynda her ýyl şu ulaglaryň 120 müň nusgasy satylýar. Indi bolsa «4Runner» modeliniň täze — altynjy nesli bazara çykmaga taýýar. Awtomobil söýüjileriň bu modelden hoşal boljakdyklary şübhesiz. Çünki awtoulag «özboluşly haýbaty bilen tapawutlanýan» keşbini we ýolsuz ýerde hereket etmek mümkinçiliklerini saklap galdy.

N410 kody bilen hödürlenýän «Toyota 4Runner» nusgasy «Land Land Cruiser 300», «Land Cruiser Prado», «Sequoia» we «Tundra» ýaly häzirki zaman hem uly ulag modelleri üçin esas döreden umumy «TNGA-F» çarçuwasynyň platformasynda işlenildi. Şeýle-de bolsa, täze «4Runner» modeline iň ýakyn ulag «Tacoma» bolup, ol daşky gurluşynyň ähli bölegini merkezi sütünlerine çenli nobatdaky nusga bilen paýlaşýar (diňe ulagyň yzyndaky plastik bölegi üýtgedildi).

4Runner» modeliniň ABŞ-da «ýönekeý «Land Cruiser» ady bilen satylýan «Pradodan» esasy tapawudy hem onuň öňki aýnalarynda jemlenýär. «4Runner» kysymynyň edil gapdal aýnalary ýaly, aşak düşýän yzky aýnalary hem ünsüňi çekýär. Mundan başga-da, goşmaça töleg esasynda, ulagyň üçünji hatar oturgyçlaryny hem sargyt edip bilersiňiz.

«4Runner» kysymly ulagyň içki aýratynlyklary «Takomanyňky» ýaly bolup, dizaýnerler bu işde adaty fiziki düwmelerden we öçürip-açmak mümkinçiliklerinden böküp geçmediler. Elbetde, media ulgamynyň ekransyz (8 ýa-da 14 dýuým) we gurallar toplumy (7 ýa-da 12,3 dýuým) gurnalmazdan mümkin bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ulagda «Toyota Safety Sense 3.0» elektron kömekçileriniň toplumy-da ornaşdyryldy.

Täze «4Runner» ulagy pikabyň bir aýratynlygyny — «V6» hereketlendirijisini ýitirdi. Kapotyň aşagynda 2,4 litrlik «i-Force» ýangyç turbodörtlügi (282 at güýji, 430 Nýuton-metr) we sekiz tizlikli awtomatiki geçiriş ulgamy bar. Galyberse-de, awtoulagda alty tizlikli mehaniki usulda geçiriş mümkinçiligi hem ornaşdyrylypdyr. Muny «i-Force Max» atly gibrid nusgadaky awtomatiki güýç gurluşy bilen çalyşmak mümkin bolup, onda 2,4-lik turbohereketlendirijiniň üsti sekiz tizlikli awtomatiki geçirişdäki 49 at güýjüne barabar elektrik hereketlendirijisi bilen ýetirilýär. Ulgamyň iň ýokary kuwwaty — 331 at güýji we 630 Nm. Batareýanyň kuwwatlylyk derejesiniň pesligi (1,87 kWt) sebäpli, oňa energiýa berilmeýär, ýöne gibrid ulagy 2721 kg çenli agramly tirkegleri hem çekmäge ukyplydyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem