«CMA CGM» demir ýol boýunça ýük daşamak bazaryna girýär
15 Aprel
«CMA CGM» demir ýol boýunça ýük daşamak bazaryna girýär

Italiýanyň «GTS Rail» intermodal operatory «CMA CGM» bilen hyzmatdaşlygyny yglan etdi.

«LinkedIn» platformasynda çap edilen habara görä, hyzmatdaşlygyň çäginde başlangyç tapgyrda Italiýada, soňra bolsa Ýewropada demirýol konteýner gatnawyny amala aşyrjak bilelikdäki «European Container Network» konteýner kompaniýasy döredildi.

Koronawirus çökgünliginiň döwründe uly mukdarda serişde gazanan konteýner operatorlary ýer logistikasyna we demir ýol ulagyna işjeň maýa goýýarlar. «MSC» soňky döwürde demir ýol işini işjeň ösdürýär. Geçen güýzde bu topar paýyny hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikde Ispaniýanyň «Renfe» milli demirýol operatorynyň ýük daşaýjysy bolan «Renfe Mercancías» gözegçilik toplumyny ýeňipdi we Italiýanyň «Italo» ýokary tizlikli demirýol operatorynyň paýnamalarynyň 50 %-ine eýe bolupdy. Şunlukda, ol Italiýanyň «Ferrovie dello Stato Italiane» döwlet demir ýol korporasiýasy bilen Italiýa portlary — Ýewropa ugry boýunça demirýol ýük ulagyny ösdürmek üçin bilelikdäki kärhanany döretdi. Fewral bolsa Trieste şäherindäki Wärtsilä zawodynyň satyn alnandygyny habar berdi. Bu ýerde wagonlarynyň hem-de demir ýol önümleriniň öndürilmegine garaşylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem