Nebitiň deňiz ýollary arkaly daşalmagy rekord tizlikde alnyp barylýar
16 Aprel
Nebitiň deňiz ýollary arkaly daşalmagy rekord tizlikde alnyp barylýar

«Kpler» tarapyndan berlen maglumat 2024-nji ýylyň mart aýynda rus nebitiniň eksportynyň geçen ýylyň marty bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlanyp, günde 3,8 million barrele ýetendigi aýdylýar. Munuň 2023-nji ýylyň maý aýyndaky netijäniň bellige alnan günlerinden — daşary ýurtda üpjünçiligiň 3,9 million b/s-den geçen döwründen soňky rekord görkezijidigini bellemek gerek. «Kommersantyň» habarynda bolsa bu önümiň ýanwar we fewral aýlarynda Russiýa Federasiýasynyň gämileri tarapyndan degişlilikde 3,5 million b/s we 3,3 million b/s möçberde eksport edilendigi mälim edilýär. 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Russiýa OPEK + bilen baglaşylan şertnamasynyň çäginde nebit önümçiligini (kondensaty hasaba almazdan) we onuň eksportyny azaltmaga mejbur bolar. Wise-premýer Aleksandr Nowakyň habar berşi ýaly, iýun aýynda nebitiň çykarylyşy 9 million b/s azalmalydyr. Russiýa Federasiýasynda kondensat önümçiligi takmynan 1,4 million b/s. Mart aýynyň başynda Russiýanyň Ministrler Kabineti «Nebitiň durnuklylygyny we deňagramlylygyny saklamak üçin OPEK + ýurtlary tarapyndan görülýän ätiýaçlyk çäreleriniň» çäginde ikinji çärýekde nebit we nebit önümleriniň öndürilişini hem-de eksportyny 471 müň kub metr azaltmaga borçlandy. Şeýlelikde, aprel aýynda Russiýa Federasiýasy önümçiligi 350 müň b/s, eksport - 121 müň b/s, maý aýynda 400 müň b/s we 71 müň b/s möçberde azaltmak isleýär. Iýun aýynda önümçiligi diňe 471 müň b/s azaldar. OPEK tarapyndan geçirilen hasaplamalar Russiýa Federasiýasyndaky nebit we kondensat önümçiliginiň 2024-nji ýylda 1,6% azaljakdygyny we 10,75 million kub metr boljakdygyny tassyklaýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem