Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş başlandy
17 Aprel
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş başlandy

15-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berildi. Türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara ýaryşa 10 döwletden türgenler gatnaşýar. Bu ýerde Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Eýrandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan hem-de Bahreýnden bolan toparlar (her birinden bir topar) ýeňiş ugrunda göreşýärler. Toparlar «A» we «B» toparçalarda bäsleşýär. «A» toparçadaky ilkinji duşuşyk «Feniks» (Özbegistan) we «Oman Nationals» (Oman) toparlarynyň arasynda geçdi. Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan birek-biregiň derwezesiniň öňünde döreden ýiti hüjümleri toparlaryň ýeňşe ymtylyşynyň beýany boldy. Özbek hokkeýçileri uly artykmaçlyga eýe boldular we ähli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalandylar. Omanyň topary bolsa dörän mümkinçilikleriň azdygyna garamazdan, has ykjam hereket etmäge çalyşdy. Şeýlelikde, «Feniks» ilkinji duşuşygyndaky garşydaşyny 11:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Toparlaryň öňünde güýçli garşydaşlaryň birnäçesi bar. Bu bolsa ýaryşyň dartgynly geçjekdiginden habar berýär. Şu duşuşyk bilen birwagtda «Akmola» (Gazagystan) hem-de «Team-Turkiye» (Türkiýe) toparlary hem duşuşdy. Oýun 5:3 hasabynda gazagystanly hokkeýçileriň peýdasyna tamamlandy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem