«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «TASS» habar berýär.
Çeşmäniň bellemegine görä, «RDÝ»-niň wekili Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda žurnalistiň agzalan ugur boýunça gatwany täzeden ýola goýmak baradaky beren sowalyna «Men diňe şonuň tarapdary» diýip jogap berdi.
Mundan başga-da, Lýudmilla Renne çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
«Türkmenistanyň DÝHG-ä örän işjeň goşulyşýandygyny we şertnamalara hem-de ylalaşyklara gatnaşmakda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek isleýärin» diýip, L.Renne nygtady.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»