«Mersedes-Benz EQS 2025» elektrik ulagy durman 822 km ýol geçýär
19 Aprel
«Mersedes-Benz EQS 2025» elektrik ulagy durman 822 km ýol geçýär

Nemes awtoulag öndürijisi «EQS 2025» flagman elektrik awtoulagyny tanyşdyrdy. Daşardan seretseň, onuň öňküsinden kän bir tapawudy ýok. Kapodynda meşhur ýyldyzy bolup, kämilleşdirilen enjam bimýadyna eýe boldy. Şunuň netijesinde hem, akkumluýatoryň kuwwaty artdyrylyp, ätiýaçlyk gorunyň köpelmegine ýardam edýän dikeldiş ulgamy kämilleşdirildi. Soňky ýyllarda «Mersedes» kapotlarynda bolýan nyşansyz çykypdy, ýöne täze «2025 EQS -de» ýadymyzda galan nyşan bar. Şeýle hem, radiatorda täze flaş-gözenegi we AMG bamperi hem peýda boldy, indi awtoulagyň esasy üýtgeşmeleri hem enjamlaşdyrylar. Elektrik awtoulagynyň «esasynda» indi 55 dýuým «MBUX Giper» ekranly displeý we «Dolby Atmos» goldawly ses ulgamy ornaşdyryldy. Şeýle hem sürüjiniň arkasyndaky ýolagçynyň görüşini gowulandyrmak üçin öňdäki sag kürsini ýatyryp bolýar, ýolagçylaryň kürsüleriniň ýylylygyny sazlaýan mümkinçilikler hem bar. Awtoulag 2024-nji ýylyň aýagyna satuwa çykarylar. Onuň bahasy bolsa heniz mälim edilmedi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem