Hytaýyň «Famsun Group» holdingi Mahaçkala deňiz söwda portunda galla terminalyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Dagystanyň oba hojalyk we azyk ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna salgylanýan «ТАСС» habar berdi. Portuň mümkinçiliklerini ýerinde öwrenen Hytaý kompaniýasynyň wekilleri eýýäm taslamany hödürlediler. Terminalyň kuwwaty ýylda 1,5 million tonna çenli däne üçin niýetlenendir. «Hytaýyň holdingi Makhaçkala deňiz söwda portunda ýylda 1,5 million tonna kuwwatlylygy bolan galla terminalyny gurmagy maksat edinýär. Dagystandaky degişli taslama holdingiň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasynyň başlygy hem-de Döwlet Dumanyň wekili Hizri Abakarowyň gatnaşmagynda hödürlendi» — diýlip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.