Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda Karara gol çekdi
22 Aprel
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem