Täze «Tesla Cybertruck» özi baradaky jedellere garamazdan, bäsdeşlerine seredeniňde has köp satylýar. Bu barada SPEEDME.RU habar berýär.
Ýeri gelende aýtsak, kompaniýa geçen ýylyň dekabr aýyndan şu ýylyň 4-nji apreline çenli aralykda «Cybertruck» kysymly ulaglarynyň 3878 sanysyny satdy.
Şeýlelikde, «Cybertruck» bir ýylda 3260 sany satylan «Hummer EV»-i satyş barada tozana gardy. Häzir bu ulag ýylyň ilkinji üç aýynda 2399-sy satylan «Rivian R1T»-den hem öňe saýlanýar.
Elektrikli pikaplaryň bazarynda bolsa «Ford F-150 Lightning» öňdeligi hiç kime berenok. Şu ýylyň birinji çärýeginde bu ulagyň 7743 sanysy eýesine gowuşdy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»