«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Bu ugurda «Boeing» kompaniýasyna golçur kärhanasy bolan «Wisk Aero» kömek eder, ol awiasiýa ägirdi tarapyndan satyn alynmazdan ozal dik uçuş we gonuş aýratynlyklary bolan ýolagçy ulaglaryny işläp düzýän başlangyç kompaniýasydy.
«Boeing» ýakynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde hususy gözleg merkezini açdy we ol kompaniýanyň ABŞ-dan daşarda ýerleşýän ýedinji merkezi boldy.
Häzirki wagtda «Boeing» kompaniýasynyň Ýaponiýadaky gözleg merkezinde 12 ýurtdan 27 hünärmen işleýär. Geljekde kompaniýa olaryň sanyny 50 adama ýetirmegi meýilleşdirýär.
«Boeing» awtoulag öndürijileri we wodorod ýangyç öýjüklerini üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, çünki onuň awiasiýada ulanylmagy çekiş akkumulýatorlarynyň artykmaç agramy bilen baglanyşykly meseleleri çözýär.
Ýaponiýadaky merkez uçarlary öndürmek we taslamasyny düzmek üçin sanly serişdeleri işläp düzmek, ekologiýa taýdan arassa ýangyç hem-de wodorod ýangyç öýjüklerini döretmek bilen meşgullanar.
Şeýle hem «Boeing» kompaniýasynyň hünärmenleri önümçiligi awtomatlaşdyryş serişdelerine we uçarlaryň korpusy üçin täze materiallary öndürmäge ünsi jemlärler.
Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi