Ýugrada ýükleri önümçilik toplumyndan uçarmansyz uçarlar arkaly ýollamak işe girizildi
25 Aprel
Ýugrada ýükleri önümçilik toplumyndan uçarmansyz uçarlar arkaly ýollamak işe girizildi

Hanty-Mansisk awtonom okrugynyň önümçilik toplumlaryndan ýükleri uçarmansyz uçarlaryň daşajakdygy habar berildi. Bu barada ýük daşamagyň şu görnüşi bilen meşgullanjak «Aeromax» kompaniýasy habar berdi. «SH-450» atly uçarmansyz awiasiýa ulgamy 10 sagadyň dowamynda 600 km-den gowrak ýol geçip, takmynan 150 kilograma barabar bolan ýüki daşamagyň hötdesinden geldi» — diýlip, habarda aýdylýar. Raýat ulag dronlarynyň ulanylmagy, adamyň ömrüne we saglygyna hiç hili howp salmazdan, ýükleri has aýdyň görünmeýän ýagdaýda daşamaga mümkinçilik berýär. «Her gün birnäçe tonna barabar bolan ýük içerki önümçilik bölümlerinden meýdanlara daşalyp, hatda birje sagat gijä galmak hem ýangyç-energiýa toplumynyň işini bozup biler. Biziň Ýugradaky tejribämiz ýük daşamak üçin niýetlenen raýat uçarmansyz ulgamlaryň logistika çykdajylaryny azaltmak bilen bir hatarda, nebit we gaz işgärleriniň meselelerini çözmäge ukyplydygyny görkezdi» — diýip, «Aeromaks» çäkli jogapkärçilik jemgyýetiniň baş direktory Alisa Sazanowa belleýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem