«Scania Super» «Green Truck 2024» baýragyna eýe boldy
25 Aprel
«Scania Super» «Green Truck 2024» baýragyna eýe boldy

«Scania» ýük ulagy dokuzynjy gezek «Ýylyň ýaşyl ýük ulagy» baýragyna eýe boldy. Bu barada «Scania» kompaniýasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna esaslanýan «Логист.Today» habar berdi. Ýewropanyň agyr ýük daşaýjy ulaglaryny öndürýän brendler her ýyl «Trucker» we «VerkehrsRundschau» nemes žurnallary tarapyndan uzak ýola hereket edýän has tygşytly ýük awtoulaglaryny kesgitlemek maksady bilen guralýan «Green Truck» («Ýaşyl ýük daşaýjy») deňeşdirme testine çagyrylýar. Eger, 2023-nji ýylda şu ugurda ikinji orny eýeländigini göz öňünde tutmasaň, Sedertelýeniň awtoulag öndürijisi soňky sekiz testiň ýedisinde «Ýaşyl ýük ulagy» baýragyna eýe çykdy. «Scania» bäsleşigiň geçirip başlanan döwründen — 2011-nji ýyldan bäri guralan 14 testiň 9-synda ýeňiş gazandy. Ýene dört gezek onuň ikinji orna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Kompaniýa diňe bir gezek bäşinji orny (testiň ilkinji ýylynda) eýeläpdi. Munuň haýran galdyryjy netijedigini ynamly aýdyp bolar. Synagda iň gowy ýük awtoulagy netijeli we ekologiýa taýdan arassa ulagyň ähli möhüm taraplaryny öz içine alýan akylly formula boýunça kesgitlenýär: ýangyç harçlaýyşy, ortaça tizlik, ulanylýan «AdBlue» göwrümi we ýük awtoulagynyň agramy (näçe ýeňil bolsa şonça gowy).

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem