«MAZ» awtobuslaryna isleg diýseň artýar: Onuň önümçiligi boýunça 10 ýyllyk rekord täzelendi
25 Aprel
«MAZ» awtobuslaryna isleg diýseň artýar: Onuň önümçiligi boýunça 10 ýyllyk rekord täzelendi

«MAZ» kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde awtobus önümçiligi boýunça 10 ýyllyk rekordy täzelemegi başardy. Munuň şu tehnika artýan diýseň uly islegiň miwesidigini bolsa «Quto.ru» neşiri habar berýär. Ýanwar — mart aýlarynda Minsk awtoulag zawody 392 awtobus öndürip, onuň aýlyk möçberi 135 birlige ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, görkezijiniň zawod üçin adaty bolmadyk netijedigi bellenilýär, sebäbi baýramçylyk dynç alyş günlerinden soň zawod has az sargyt alýardy. Çärýekdäki girdejiler 105 million boldy, bu bolsa bütin 2023-nji ýylyň girdejisiniň 50 göterimidir. Şu ýyl «MAZ» rekord görkezijä eýe bolmagy — 1700 awtobus satmagy meýilleşdirýär, şolardan 1300-si anyk sargytdyr. Kompaniýa täze önümçilik kärhanasyny işe girizmek bilen, 2025-nji ýylda önümçiligini 3000 awtobusa ýetirmegi meýilleşdirýärler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem