«Mersedesiň» elektrik miniwenleri kämilligiň ýokary derejesine eýe bolar
26 Aprel
«Mersedesiň» elektrik miniwenleri kämilligiň ýokary derejesine eýe bolar

«Mersedes-Benz» 2026-njy ýylda «V-Class» elektrik miniweniniň täze neslini hödürlär. Deslapky maglumatlar täze «Mersedes V-Class EQ» ulagynyň bir energiýa üpjünçiliginde 500 kilometrden gowrak bolan menzili geçip biljekdigini we onuň bazardaky iň ösen elektrik ulaglary bilen bäsleşjekdigini tassyklaýar. Öňki «EQV-den» düýpgöter tapawutly täze önümiň daşky nusgasy taýýarlygyň irki döwründäki synaglar wagtynda surata düşürildi. Şeýlelikde, bu suratlar awtoulagyň daşky bezeginiň kämil we agressiw görnüşe eýe boljakdygy tassyklaýar. Garaşylşy ýaly, täze «V-Class» iň täze tehnologiýany, şol sanda orta we uly awtoulaglar üçin ýörite döredilen täze «VAN.EA» platformasynda işlenip düzülen 2-nji we 3-nji derejeli awtomatiki dolandyryş ulgamyny öz içine alar. Munuň özi markanyň awtonom hereketiň şeýle derejesi bilen öndürilen ilkinji awtoulagy bolar, şol bir wagtyň özünde bolsa nemes markasynyň elektrik ulaglarynyň bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrar. Şeýlelikde, «V-Class» nusgasynyň önümçiligini we energiýa netijeliligini optimizirlemek üçin bir we goşa hereketlendirili elektrik görnüşleriniň hödürlenmegine garaşylýar. Öndürijiler agram paýlanyşygyny we dolandyryşy kämilleşdirmek üçin oklaryň arasynda ýerleşdiriljek batareýa aýratyn üns berýärler. Tehniki taýdan kämilleşdirmekden başga-da, «Mersedes-Benz» öz stil aýratynlyklaryny hem ýatdan çykarmaýar: interýerindäki açyk sary howpsuzlyk kemerleri diňe şu modeliň özboluşlylygyny görkezýär. «Mersedes V-Class EQ» täze elektrik awtoulagynyň ilkinji tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylda guralar. «Mersedes» şu täzelikleri bilen okgunly ösýän elektrik ulaglarynyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak isleýär. Ol müşderilere diňe bir ekologiýa taýdan arassa ulaglary däl, eýsem, täze nesliň ýokary tehnologiýaly nusgalaryny hem hödürleýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem