BAE-de üç tigirli awtoulaglar peýda bolar
26 Aprel
BAE-de üç tigirli awtoulaglar peýda bolar

Gün panelleri arkaly hereket edýän awtoulaglary öndüriji hasaplanýan «Aptera Motors» kompaniýasy BAE-niň bazary üçin üç tigirli awtoulagynyň ýörite görnüşini hödürledi. Täze önüm «Aptera BAE Union Anniversary Edition» diýen ady aldy. Awtoulagyň daşy altynsöw boýalan we uglerod süýümleri bilen örtülendir. Mundan başga-da, kebelek şekilli we açarsyz gapylar bilen üpjün edilendir. Enjamyň esasy aýratynlygy «Solar Chill» mümkinçiligidir. Bu aýratynlyk daşky temperatura garamazdan, gün energiýasyny ulagyň içini salkyn saklamak üçin ulanýar. Awtoulagyň mümkinçiligi 600 km bolup, gün panelleri arkaly günde 60 km zarýad almaga ukyply. Üç tigirli awtoulagyň ilkinji nusgasy 2022-nji ýylda görkezilipdi. Olar bary-ýogy 65 km ätiýaçlyk kuwwatyna eýedir, ol birneme üýtgeşik görünýärdi. «Aptera» tarapyndan hödürlenen täze önümiň şu aýda Abu-Dabide geçiriljek «DriftX» sergisi üçin BAE getirilmegine garaşylýar. 2026-njy ýyla çenli ýurda şu modeldäki ulaglaryň 53-si gowşurylar, olaryň her biriniň bahasy 27 000 amerikan dollaryna deň bolar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem