Ýylyň başyndan bäri ýük daşamak ulgamynda elektron resminama dolanşygyna geçmegiň derejesi 2 esse ýokarlandy
27 Aprel
Ýylyň başyndan bäri ýük daşamak ulgamynda elektron resminama dolanşygyna geçmegiň derejesi 2 esse ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi geçen ýylyň ýanwar — mart aýlary bilen deňeşdirilende, ýük daşamak boýunça elektron resminama dolanşygyna geçen kompaniýalaryň sanynyň iki esse artandygyny görkezýär. Şol döwürde resminamalaryň elektron alyş-çalşygy on esse artdy. Elektron resminama dolanyşygyna bolan isleg importçylaryň, ulaglaryň, logistika kompaniýalarynyň, alkogolly içgileri öndürijileriň we satyjylaryň arasynda diýseň artdy. Munuň üçin 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap elektron belligine aldyrmak hökmany bolup biler. Iň iri satyjylaryň önümleri ýollamak ugrunda elektron belliklerini alyş-çalyş etmek boýunça synag taslamasynyň başlanmagy bilen, elektron resminama dolanşygynyň operatorlaryna ýüz tutup başlandyklaryny bolsa «СКБ Контур» kompaniýasynyň hünärmeni düşündirdi. — Elektron resminama dolanyşygyna geçmek bilen, logistika operatorlary we iri aragatnaşyk kärhanalary pul dolanyşygy artdyrýarlar. Berilýän ulag hyzmatlary üçin hasap-faktura işleri bir hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilýär, kagyz resminamalar alyş-çalyş edilende bolsa müşderi kagyzyň asyl nusgasyna gol çekýänçä garaşmak 30 güne çenli uzap biler — diýip, « ПЭК» (Birinji ekspedisiýa kompaniýasy) kompaniýasynyň ulag logistika boýunça direktory Igor Aleksaşow nygtady.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem