Russiýada Afrika we Latyn Amerikasy logistika halkasyny utgaşdyrjak merkez döredilip bilner
27 Aprel
Russiýada Afrika we Latyn Amerikasy logistika halkasyny utgaşdyrjak merkez döredilip bilner

Russiýada döwlet tarapyndan Afrika we Latyn Amerikasy bilen işleýän kärhanalar üçin logistika halkalarynyň gurluşygyny sinhronlaşdyrjak merkez döredilip bilner. Şeýle teklibiň Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurultaýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan goldanylandygy «ТАСС» agentliginiň habarynda beýan edilýär. Şol bir wagtyň özünde hem, işewür wekiller rus kompaniýalaryna halkara ugurlarynda has erkin işlemäge mümkinçilik berýän birnäçe başlangyçlary hödürlediler. Afrika hem-de Latyn Amerikasy bilen üpjünçilik zynjyrlaryny utgaşdyrmak üçin merkez döretmek baradaky teklibi FESCO-nyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilow belledi. «Göz öňünde tutulan ähmiýetli işi utgaşdyryp biljek ýeke-täk merkez döretmek... bu diýseň gowy tema. Bu gowy pikir. Munuň düýpli manysy bar» — diýip, Wladimir Putin belledi. «Ädimlere gözegçilik edýän haýsydyr bir kadalaşdyryjy merkez, munuň diýseň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn» — diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi. Andreý Sewerilow beýleki möhüm meselelere hem garamagy haýyş etdi. Şeýlelikde, ol Russiýa Federasiýasynyň çäginden geçýän halkara ulag ugurlarynda hereket amala aşyrylanda rus logistika operatorlary üçin daşary ýurt kompaniýalarynyň ileri tutýan ugurlaryny girizmegiň zerurdygyny aýtdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem