Ýolsuz hem kyn şertlerde sürmek ulagdan ownuk tehniki çözgütleri talap edýär. Mysal üçin, şeýle ýagdaýda pes basyşly tekerleriň, adaty akkumulýatoryň energiýa almagy üçin niýetlenen ýangyç generatorynyň hereketiniň hem-de tigirleriň dördüsininiň hem işledilmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. «Robo. Systems» kompaniýasy pes tizlikde ýokary netijelilik bilen kyn ýerleri (suw päsgelçiliklerini goşmak bilen) ýeňip geçmek üçin kämil ulagyny hödürledi. «Plan B» elektrik motosikli 1000 Wt dwigatel-tigiri bilen hereket edýär. Onuň 1,6 kWt kuwwata eýe bolan «LiFePo4» akkumulýatory bolsa generator nokatlaryndan uzakda — tebigatda hem energiýa alyp biler. Bu model «Robo. Systems» (Russiýa Federasiýasynda işlenip düzülen) tarapyndan hödürlenip, ýolsuz ýerde hereket edýän «2x2 Ultra» ulagynyň has hem kämilleşdirilen görnüşidir. Kompaniýa bu taslamasyny diýseň köp adam jemleýän «indiegogo» platformasynda hödürläpdi (bahasy — takmynan 2390 dollar). Motosikliň iň ýokary tizligi sagatda 50 kilometre, generatordan energiýa almazdan, iň az awtonom syýahat aralygy 50 km. Pes basyşly tekerlere generator üçin 40 litre çenli benzin guýup bolýar we goşmaça enjamlary işletmek üçin bortda 3 kWt inwertor bar. Gidrawlik disk bolsa ulagy19 sm disk bilen saklaýar. «2X2 Ultrabike Plan» ulagynyň agramy — 60,7 kg.