Germaniýanyň «Cycle Mobility» kompaniýasy «Cycle 20 Fifty» atly ýük welosipedini tanyşdyrdy
29 Aprel
Germaniýanyň «Cycle Mobility» kompaniýasy «Cycle 20 Fifty» atly ýük welosipedini tanyşdyrdy

Bu elektrik welosipediniň komponentleriň kömegi bilen uzak wagtlap ulandyrjakdygy aýdylýar. Onuň tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de tigir okunyň oturdylýan çeňňek görnüşindäki goşa innowasion ulgamy bolan modully alýumin çarçuwasynda jemlenýär. Iň ýokary tizlik — sagatda 25 km. Welosiped «Schwalbe Pick-Up» tekerlerinde hereket edýär. «20FIFTY» modeli 1000 Wt*s akkumulýatorynyň kömegi bilen energiýa bermezden, 150 kilometre çenli ýol geçip biler. Alýumin çarçuwasy bolan «20FIFTY» 200 kilograma çenli ýük götermek (welosipedi dolandyrýanyň agramyny goşmak bilen) üçin niýetlenendir. Yzky bölegine 60 kg, öňki sütünine bolsa 20 kg çenli agramdaky önümleri ýükläp bilersiňiz. Öwrümiň amala aşyrylýan wagtynda herekete geçýän integrirlenen datçik, esasan hem, işe başlanylanda we tutawaçlaryndan ýapyşylanda sürüjini goldaýar. Modelde bir tizlikli hereketlendiriji bar. Welosipedler GPS-yzarlamak ýaly dürli aýratynlyklar bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Munuň özi welosipedi dolandyrýana hakyky wagtynda yzarlamak, zerurlyk ýüze çykanda ulagyň hereketine gözegçilik etmek mümkinçiligini döredýär. Internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa programma üpjünçiliginiň täzelenmeleri we ulagyň howpsuzlygy boýunça aýratynlyklary goşmak bilen, welosipediň uzakdan dolandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Onuň dizaýnynda ganatlaryň hem-de yşyklandyryşyň göz öňünde tutulmagy bolsa rahatlygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem