«Xiaomi» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun «Xiaomi Automobile» bölüminiň 2024-nji ýylda «Xiaomi SU7» ulaglarynyň 100 000-den gowrak nusgasyny ýerlemegi maksat edinýändigini resmi taýdan yglan etdi. Ozal «Xiaomi» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Leý Szýun we Lu Weýbing 20-nji aprele çenli «Xiaomi SU7» üçin tölegli sargytlaryň sanynyň 70 000 birlikden geçendigini habar beripdiler. Şondan öň bolsa «Xiaomi» tarapyndan öndürilýän ulaglaryň Pekine we Şençzhenende ýetirilip başlanandygy we ýakyn wagtda ýuwaş-ýuwaşdan tutuş ýurda ýaýradyljakdygy mälim edildi. «Xiaomi SU7» ulaglarynyň önümçilik kuwwaty soňky döwürde her gün takmynan 400 birlige çenli ýokarlandy. Aýda bolsa takmynan 12 000 awtoulag öndürilýär. Häzirki wagtda «Xiaomi Motors» ýurduň 29 şäherinde 59 dükan açdy. Onuň şeýle dükanlary Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Guançžou, Şençžen, Uhan, Hançžou, Çendu, Suçžou, Nankin, Wençžou, Ninbo, Usi we beýleki şäherlerinde hem hereket edýär.