«Toyota Sienna 2024» satuwa çykaryldy
30 Aprel
«Toyota Sienna 2024» satuwa çykaryldy

«GAC Toyota» bilelikdäki kärhanasy «Toyota Sienna» miniweniniň 2024-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasyny Hytaýyň bazaryna çykardy. Awtoulag «FAW Toyota JV» tarapyndan ozal hödürlenen «Toyota Granvia 2024-iň» daşky nusgasyna eýe boldy. «Toyota Sienna 2024» nusgasynyň interýerindäki esasy täzelik onuň media ulgamy bilen baglydyr. «Qualcomm Snapdragon 8155 SoC» ulgamynda taýýarlanan bölümde 12 Gb RAM we 128 Gb fleş ýady ýerleşýär. Ol «Apple CarPlay», «Huawei HiCar» we «Baidu CarLife» interfeýslerini goldaýar. Ikinji hataryň oturgyçlary has amatly bolar. Çünki bu ýerde ýyladyşyň we şemalladyşyň üç basgançakly sazlamasy we 16 nokatly massaž ediji peýda boldy. Mundan başga-da, yzky ýolagçylar üçin «USB-C» portlary goşuldy. Tehniki täzelik hakynda aýdylanda bolsa elektrik hereketlendirijileriň ikisi arkaly amala aşyrylýan dört tigiriň hereketini bellemelidiris. Olaryň arasyndaky çekiş 100:0 (öň tigirli) 20:80 (çekişiň köp bölegi yzky tigirlere degişli) aralygynda paýlanyp bilner. Elektrik gurluşy heniz hem gibrid bolmagynda galýar. 2,5 litrlik hereketlendirijiniň kuwwaty 189 at güýjüne barabardyr. Onuň energiýa harçlaýşy bolsa (WLTC hasaplama usuly boýunça) 100 kilometr üçin 5,65 – 6.13 l. «Toyota Sienna 2024» nusgasynyň binýatlyk bahasy — 39,3 müň dollar. Onuň dört tigiri hem hereket edýän nusgasynyň iň arzan görnüşiniň bahasy — 44,3 müň dollar, iň ýokary modeli (öňki tigirleri hereket edýän görnüşi hem) — 54,6 müň dollar. Bu bahalar «Toyota Sienna 2023-iň» bahasyndan 3,5 müň dollar arzandyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem