Duşenbe güni, 29-njy aprelde — täze çäklendirmeleriň girizilmeginiň öňüsyrasynda Riga şäher polisiýasynyň wekilleri elektrik skuterleri we welosipedler bilen üpjün edijiler üçin duşuşyk geçirdiler. «LETA» agentliginiň habar berşi ýaly, ýygnaga «Bolt Services LV», «Tuul Mobility» we «Ride» kompaniýalary gatnaşdy. Şeýlelikde, işewürlik ulgamynyň degişli wekilleri bilen Riga dumasynyň täze hökmany düzgünlerini ýerine ýetirmekden gelip çykýan wezipeler — elektrik skuterleriniň we welosipedleriň tizligine çäklendirmeleriň girizilmegi, bu ulaglaryň taşlanyp gidilmezliginiň öňüni almak üçin olary ýörite niýetlenen ýerlerde — duralgalarda goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Polisiýa bu üýtgeşmeleriň baş maksadynyň ähli ýol ulanyjylarynyň bähbitlerini we howpsuzlygyny goramakdan ybaratdygyny belleýär. Şonuň üçin hem, polisiýanyň bu üýtgeşmeleriň berjaý edilişine gözegçilik etmek işi resmi jeza çärelerine däl-de, telekeçiler bilen hyzmatdaşlyga gönükdiriler. Şunlukda, şeýle hyzmatlary üpjün edijiler Riga şäher polisiýasynyň ýüz tutmasy boýunça kireýine alnan elektrik skuterleriniň ýa-da welosipedleriň ýörite döredilen awtoulag duralgalarynyň daşynda galan ýagdaýynda, gyssagly aragatnaşyk maglumatlaryny bererler. Bu ýagdaýlarda hyzmaty üpjün ediji tarapyň ulagy ygtyýarly awtoulag duralgasyna geçirmek üçin üç sagat wagty bolar. Şol bir wagtyň özünde bolsa düzgüniň bozulan pursadyndan soň, üç sagadyň dowamynda ulagyň aýrylmadyk ýagdaýynda polisiýa telekeçini administratiw jogapkärçilige çekip biler.