Halkara sergi býurosynyň komitetiniň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler
02 Maý
Halkara sergi býurosynyň komitetiniň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler

Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet komitetiniň mejlisleriniň birini Aşgabatda geçirmek barada teklip edildi.

Degişli teklip Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi tarapyndan Halkara sergi býurosynyň (HSB) dolandyryş we býujet komitetiniň mejlisinde beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasyna salgylanyp, sng.today habar berýär.

Bu teklip HSB-niň sekretariaty, şeýle hem komitetiň agzalary tarapyndan makullandy we kabul edildi.

Çärä gatnaşyjylar mejlisiň Gün tertibini hem-de 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirilen öňki mejlisiň teswirnamalaryny tassykladylar. Netijede Gabonyň wekili dolandyryş we býujet komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň 2023-nji ýylda Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet komitetiniň agzasy bolandygyny ýatladýarys.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem