«Mercedes-Benz E-Class Sport 2024» görkezildi
02 Maý
«Mercedes-Benz E-Class Sport 2024» görkezildi

2024-nji ýylyň Pekin halkara awtoulag sergisinde standart tigir binýadyndaky «Mersedes-Benz E-Class» ulagynyň sport görnüşiniň täze nesli resmi taýdan hödürlendi. Onuň üç modeli öndürilip, bahasy 63 müňden 78 müň dollara çenli bolar. Adaty tigir binýadyna eýelik edýän «E-Class» degişlilikde 4949 × 1880 × 1468 gabara ölçeginde bolar, onuň tigir binýady — 2961 mm. Ulag öňki nesilden 22 mm uzyn. «E-Class» ulagynyň salonynda «Mersedes-Benz EQS» modeliniň dizaýny öz beýanyny tapýar. Ol üç ekranly «MBUX super screen» merkezi konsoly bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze «E-Class» deri, metal we agaç bezegi ýaly premium materiallary ulanýar. Onuň käbir bölekleri bolsa gaýtadan işlenen materiallardan ýasalypdyr. Täze «E-Class» sürüjiniň ekrana sereden wagty onuň ýagtylygyny peseltmek üçin niýetlenen kameralary we algoritmleri özünde jemleýän «gizlinlik tertibi» bilen üpjün edildi. Awtoulag täze elektron arhitekturasyna eýe, 5G maglumatlary geçirmegi goldaýar we «MBUX Entertainment Plus» toplumy bilen enjamlaşdyryldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem