Näme üçin awtoulag öndürijileri «Milliona çenli dwigatelleri» hödürlemegi bes etdiler
02 Maý
Näme üçin awtoulag öndürijileri «Milliona çenli dwigatelleri» hödürlemegi bes etdiler

Näme üçin häzirki zaman awtoulag hereketlendirijileri az wagt hereket edýär? «Milliona çenli dwigatel» diýen at bilen tanalýan (düýpli abatlaýyşsyz million kilometri geçip bilýän) hereketlendirijileriň döwri bireýýam tamamlandy. Şeýle-de bolsa, awtoulag öndürijileriniň özleri indi alyjylara milliona dolanyp bilýän awtoulaglaryň gerekdigini tassyklaýarlar... Bu ugurda 300-400 müňe barabar bolan görkeziji hem gowy netije hasaplanyp biler. Häzirki döwrüň inženerleri awtoulagyň iň az ýangyç sarp edýän nusgasynyň üstünde işlemegi göz öňünde tutýarlar. Munuň üçin hereketlendiriji iň pes tizlikde işlemeli, geçiriji guty bolsa has ýokary mümkinçilige eýe bolmaly. Şol bir wagtyň özünde bolsa hereketlendiriji diňe bir ulagy çekmän, eýsem, ýolagçylar üçin rahatlygy hem üpjün edýär. Kondisioner, media ulgamy, elektrik dolandyryşy, ýyladyş ulgamlary ýaly köp sanly sarp ediji bölümler şondan «iýmitlenýär». Şeýle porşen topary podşipnikleriň hem beýleki serişdeleriň mümkinçiliklerini artdyryp, hyzmat möhletini azaldar! Mundan başga-da, häzirki zaman içerki ýangyç hereketlendirijileriniň bölekleri barha kiçelýär. Häzirki wagtda hemme ýerde ýeňilleşdirilen porşenlar ulanylýar, alýumin silindr bloklaryndan peýdalanylýar, hatda tirsek abzallary hem iň ýönekeý dizaýna laýyklykda öndürilýär — 4 silindrli hereketlendirijilerde agyrlyga garşy serişdeleriň 8-sine duş gelersiňiz. Turbo kompressorlaryň özi 120-150 müň kilometre çenli diýseň seýrek dowam edýär we köplenç silindr blogy 250-300 müňden soň könelişen çäge ýetýär. Muňa garamazdan, 150-170 kuwwat göwrümi gaty ýönekeý bolan hereketlendirijiler tarapyndan öndürilýär. Galyberse-de, häzirki zaman hereketlendirijileriniň haýsy ugurdan alsaň hem aşa gyzýandygyny bellemek gerek. Öň sowadyjynyň işleýiş temperaturasy 80-85 °S bolan bolsa, indi bu görkeziji ýüzden hem geçýär. Şunuň esasynda hem, hereketlendirijiniň ýagy hem has ýokary temperaturada işleýär we güýjüni ýitirýär. Mundan başga-da, gyzgynlykda 120-140 müň kilometr geçensoň, köp sanly hereketlendiriji halkalary gatap başlaýar. Bu ulagyň hereketlendirijisiniň ýag ulgamy babatda şeýle. Bu ýerde göz öňünde tutulmadyk hyzmat aralygy 15 müň mil bolup biler. Ýöne täze içerki ýangyç hereketlendirijileri has ýygy ýag hyzmatyny talap edýär — her 10 müňden.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem