«Turkmenistan Airlines» Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrýar
02 Maý
«Turkmenistan Airlines» Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrýar

«Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy ýedinji maýdan başlap, her hepdäniň sişenbe gününde Aşgabat — Kuala-Lumpur, çarşenbe güni bolsa Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlary boýunça ikinji rejeli gatnawlaryň ýene birini ýola goýýar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýty habar berdi. Häzirki wagtda Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat gatnawy her hepdäniň penşenbe güni amala aşyrylýar. Aşgabat — Kuala-Lumpur gatnawynda ekonom-klasyň bahasy 7000 ТМТ barabardyr. Gatnawyň iki tarap üçin bahasy — 9688 TMT. Petekleri resmi saýt boýunça onlaýn tertibinde ýa-da awiakompaniýanyň ofisinden alyp bilersiňiz.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem