«Acer» ýeňil elektrik skuterini hödürledi
03 Maý
«Acer» ýeňil elektrik skuterini hödürledi

«Acer» 350 kWt hereketlendirijisi we 40 kilometre çenli ätiýaçlygy bolan 10 Ah akkumulýatorly täze elektrik skuterini hödürledi. Bu ýagdaýda iň ýokary tizlik sagatda 25 kilometre ýetip bilýär. Elektrik skuter diametri 8 dýuýmdan gowrak çişip bilýän tigirler bilen enjamlaşdyrylandyr. Öndüriji elektrik skuteriniň agramyny mümkin boldugyça azaltdy. Indi onuň agramy — bary-ýogy 13 kg. Şol sebäpden hem, hereket etmek has hem amatly bolar. Bu mümkinçilik metaly berkitmek üçin niýetlenen bölekleri özünde jemleýän alýumin çarçuwasyna esaslanýar.

Elektrik skuteriniň «ipx4» standartyna esaslanýandygy we suw geçirmeýändigi eýýäm mälim edildi. Şol sebäpden hem, ýagyşda sürülmegi hem skutere zyýan ýetirmeýär. Elektrik skuteriniň göterip bilýän iň ýokary agramy 120 kilograma deňdir.

Skuteriň elektrik tigirleri öňki okda oturdyldy. Bu mümkinçiligiň üstüni ykjam saklaýjy ulgam ýetirýär.

Elektrik skuteriniň ýagdaýy baradaky ähli zerur maglumatlar rulda ýerleşýän maglumat ekranyna girizilýär. Yzky tigirlere goşmaça mehaniki saklaýjy ýardam edip biler. Mundan başga-da, yzky bölekde elektrik saklaýjy çyrasy ýerleşýär. «Acer ES Series 3 CITY» skuteri (AES133) eýýäm söwda platformalaryna çykaryldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem