«KamAZ» 450 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän täze hereketlendirijisini döretdi
03 Maý
«KamAZ» 450 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän täze hereketlendirijisini döretdi

«Tutaýewskiý hereketlendiriji zawody» («KamAZ» hem girýär) 450 at güýjüne eýe bolan TMZ 8487.10-03 täze dizel hereketlendirijisiniň önümçiligini özleşdirdi. Eýýäm ilkinji on hereketlendiriji öndürilip, Çelýabinskidäki «ДСТ-Урал» kompaniýasyna iberildi. Ol agramy 53 tonna bolan agyr D30 çekiji buldozerlerinde ornaşdyrylar.

«KamAZ» kompaniýasynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, täze hereketlendirijiniň üstünde 2022-nji ýyldan bäri işlenip gelinýär. «Güýçli hereketlendiriji we iň amatly agram, kyn iş şertlerinde çekiji buldozeriň iň ýokary öndürijiligini üpjün edýär» — diýlip, «KamAZ» tarapyndan berlen maglumatda bellenýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem