«Nissan» ofisde ýa-da öýde energiýa berip bolýan batareýaly elektrik ulaglaryny öndürýär
04 Maý
«Nissan» ofisde ýa-da öýde energiýa berip bolýan batareýaly elektrik ulaglaryny öndürýär

«Nissan» kompaniýasy «ACCIONA» güýji bilen «Silence» mikromobil markasynyň mümkinçiliklerini utgaşdyrdy we Ýewropadaky şäher hereketi üçin ygtybarly ulagyny döretdi. Taraplaryň hyzmatdaşlygy «Silence S04 Nanocar» modeliniň we elektrik skuterlerini öndüriji taraplaryň birnäçesiniň ösmegine sebäp boldy.

Ynamly şäher syýahaty üçin döredilen «Silence S04 Nanocar» dürli hereket zerurlyklaryna laýyk gelýän iki görnüşi hödürleýär. «L6e» modifikasiýasy iň ýokary tizliginde — sagatda 45 km bilen hereket wagtynda175 kilometre çenli energiýa ätiýaçlygyna eýelik edýär. Munuň şäheriň çäginde gündelik gezelençler üçin amatlydygy tassyklanylýar. Has uly aralygy we tizligi isleýänler üçin bolsa 85 km/sag tizlige ýetip bilýän «L7e» nusgasy hödürlenilýär. Onuň ätiýaçlyk kuwwaty 149 kilometre barabardyr.

Her bir «Nanocar» 5,6 kWt/sag kuwwaty bolan iki batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr, olar diňe bir ep-esli aralygy geçmek üçin şert döretmän, eýsem, öýde ýa-da ofisde energiýa bermek mümkinçiligi bilen hem tapawutlanýar. Onuň innowasion aýratynlygy bolsa ulagyň batareýalaryny çalşyp bilýän ulanyjylar üçin iň ýokary maýyşgaklygy kepillendirmegidir.

Fransiýadan we Italiýadan bolan müşderiler 2024-nji ýylyň iýun aýyndan «Silence S04 Nanocar» ulaglaryny satyn alyp bilerler, täze önüm Germaniýada bolsa sentýabr aýynda peýda bolar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem