Hytaý dünýäniň awtoulag senagatynyň ösüşinde täze sahypany açýar: Pekin awtoulag sergisinde täze ulaglaryň 117-si görkezildi
06 Maý
Hytaý dünýäniň awtoulag senagatynyň ösüşinde täze sahypany açýar: Pekin awtoulag sergisinde täze ulaglaryň 117-si görkezildi

25-nji aprelde badalga berlen Pekin halkara awtoulag sergisi şu gün—4-nji maýda tamamlanýar.

Munuň 2024-nji ýylda Hytaýda ilkinji gezek geçirilen ýokary derejeli halkara awtoulag sergisi hökmünde dünýäniň esasy awtoulag kompaniýalarynyň üns merkezinden ornuny tapandygyny bellemek gerek.

Bu ýerde meşhur içerki kompaniýalaryň we daşary ýurt markalarynyň täze ulaglarynyň 117-si ilkinji gezek görkezildi. Mundan başga-da, konseptual önümleriň 41-si, täze energiýa çeşmeleri boýunça hereket edýän ulaglaryň 278-si hödürlendi.

Bu modeller özboluşly dizaýny we tehnologik aýratynlyklary bilen myhmanlary haýran galdyrdy we pudagyň geljekki ösüşleriniň binýadyny döretdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem