Türkmenistan arzan dizel ýangyjy boýunça Merkezi Aziýada öňdebaryjy orny eýeleýär
07 Maý
Türkmenistan arzan dizel ýangyjy boýunça Merkezi Aziýada öňdebaryjy orny eýeleýär

Bütindünýä benzin bahalary (GPP) portalyna görä, 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Türkmenistan Merkezi Aziýada öňdebaryjy orny eýeleýär.

Habarda görkezilen senä görä Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasynyň litri üçin 0,28 dollar - 1 türkmen manadydygy aýdylýar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda arzan dizel ýangyjynyň sanawynda Türkmenistandan soň Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bar.

Reýting maglumatlary, dizel ýangyjynyň iň arzan bahasy boýunça Türkmenistanyň dünýäde ýedinji orunda durýandygyny görkezýär.

Ýakynda Türkmenistan hökümetiniň başlygynyň orunbasary B.Amanowyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynyň bu görnüşli ýangyç öndürmek meýilnamasyny doly ýerine ýetirendigini bellemelidiris.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem