Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň gurluşygyna badalga berildi
08 Maý
Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyz üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli we 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem