Gijeki görüşi we kämil mümkinçilikleriň birnäçesini özünde jemleýän «Aurus Senat 2024» görkezildi
11 Maý
Gijeki görüşi we kämil mümkinçilikleriň birnäçesini özünde jemleýän «Aurus Senat 2024» görkezildi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň kasam kabul ediş dabarasynyň öňüsyrasynda «Aurus» kompaniýasy «Senat» limuzininiň gaýtadan işlenen modelini hödürledi.

Ol gabarasynyň öň we yzky bölekleriniň täze dizaýny, özboluşly radiator gözenekleri we ýeňil alýumin garyndy kapoty bilen tapawutlanýar. Uýgunlaşdyrylan çyralary we yzky LED yşyklary ulagyň aýratynlyklarynyň üstüni ýetirýär.

Mundan başga-da, kabinada yzky görnüşi şöhlelendirýän aýna we gijeki görüş wezipesi, ähli tarapy gurşap alýan goşmaça kameralar we sürüjiniň ýadawlygyna gözegçilik edýän kamera peýda boldy. Awtoulag «NAMI MM-System» täze multimediýa tory we ses ulgamy bilen baýlaşdyryldy.

Işläp düzüjiler «Senatyň» sürüji we ýolagçylar üçin rahatlygynyň gowulaşdyrylandygyny aýdýarlar. Rul sütüniniň we beýleki dolandyryş bölekleriniň ýerleşişi hem optimallaşdyryldy we özboluşly elektron geçiriş, dolandyryş sazlaýjysy goşuldy.

Ulagy saklaýyş, asma, ýangyç üpjünçiligi ulgamlarynyň, awtomatiki geçirişiň we beýleki ulgamlaryň birnäçesiniň netijeliligi has-da ýokarlandyryldy. 4,4 litrlik V8 benzin hereketlendirijisine esaslanýan gibrid ulgam 880 Nm öwrüm kuwwaty bilen, 598 at güýjüne eýelik edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem