Hytaýly bilermeniň pikiri: Ýakyn wagtda Orta geçelge global üpjünçilik zynjyrynyň möhüm bölegine öwrüler
13 Maý
Hytaýly bilermeniň pikiri: Ýakyn wagtda Orta geçelge global üpjünçilik zynjyrynyň möhüm bölegine öwrüler

Halkara üstaşyr ulag ugry (ýa-da Orta geçelge) geljekde ýük daşamak hem-de eltip bermek zynjyrynyň möhüm halkasy bolar.

Bu barada çeşme hökmünde Hytaýyň «Taýhe» seljeriş institutynyň uly ylmy işgäri Din Szýanweýiň beren gürrüňlerini görkezýän «Trend» habar berýär.

«Ýakyn geljekde Hazar halkara ulag ugry çalt depgindäki ösüşiň täze tapgyryna gadam goýar we Ýewraziýanyň täze esasy söwda ýoluna we global ýük daşamak hem üpjünçilik zynjyrynyň möhüm bölegine öwrüler. Bu ulag ýoluna has köp ýurt gatnaşar we ýük gatnawynyň möçberi düýpli ýokarlanar» — diýip, Din Szýanweý belledi.

Bilermen şol bir wagtyň özünde hem, Orta geçelgäniň geljekdäki ösüşiniň ýeňil bolmajakdygyny we köp töwekgelçiliklere hem-de kynçylyklara duçar boljakdygyny çaklaýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem